Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un, çörek aladalarynyň arasynda Türkmenistanda galla ýygymyna girişildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda un, çörek aladalarynyň arasynda, 4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişildi. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bu işlere 11-nji iýunda goşular.

Resmi maglumata görä, şu ýyl Türkmenistan boýunça 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamak meýilleşdirilýär.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistan daşary ýurtlardan uly mukdarda un satyn alýar.

Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly işleriň edilendigini aýdýar, ýöne habarlar ýurtdaky un, çörek meseleleriniň saklanyp galýandygyny görkezýär.

Azatlygyň habarçylary ýurtda oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeýändigini, ekerançylyk pudagynda ýyllarboýy dowam edýän suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi bilen bagly problemalar barada yzygiderli habar berýärler.

XS
SM
MD
LG