Özbegistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Migrasiýa agentligi Moskwada geçirilen reýd wagtynda daşary ýurt raýatlaryna, şol sanda mümkin özbek raýatlaryna fiziki güýç ulanylmagy baradaky habarlara “gynanç we alada” bilen garaýandygyny mälim etdi.
“Russiýa Federasiýasynyň hökümeti we iri iş berijiler tarapyndan her ýyl artýan iş güýjüne bolan islegiň fonunda, Özbegistanyň raýatlaryny işe tertipli çekmek baradaky gyzyklanma göz öňünde tutulanda, käbir hukuk goraýjy işgärleriň daşary ýurt raýatlaryna garşy gören gödek çemeleşmeleri gynanç we alada döredýär” diýlip, agentligiň 9-njy iýunda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Maglumata görä, ýagdaý Özbegistanyň Russiýadaky Baş konsullygynyň we Migrasiýa agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň gözegçiliginde saklanýar. Agentlik Russiýanyň kanun goraýjy edaralaryndan resmi maglumat garaşýar.
Soňky günlerde sosial ulgamlarda rus kanun goraýjy güýçleriniň bir binanyň içine zor bilen girip, migrantlary urýan pursatlaryny görkezýän wideo ýaýrady. Ýazgyda käbir güýç ulanyjy işgärleriň Merkezi Aziýadan bolan işçilere garşy milletçilikli kemsidiji sözler bilen gygyrşyny hem synlasa bolýar.
Soňky birnäçe aýyň dowamynda sosial ulgamlarda Russiýadaky güýç ulanyjy işgärleriň merkezi aziýaly migrantlary urýandygyny we kemsidýändigini görkezýän wideo ýazgylar köpelýär.
2-nji maýda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi Russiýada migrantlaryň hukuklarynyň bozulmagy we gödek çemeleşmeler bilen ilteşikli ýagdaýlaryň köpelmegi bilen baglylykda aladalanma bildiripdi.
Adam hukuklaryny goraýjylar Daşkentden migrantlaryň hukuklaryny goramak boýunça has berk diplomatiki çäreleri görmegi we anyk ädimleri ätmegi talap edýärler.