Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa bilen Ukraina 25 ýaşdan kiçi harby ýesirleriň çalşygynyň ilkinji tapgyryny geçirdi


Ýesirlikden azat edilen urkain esgerleri
Ýesirlikden azat edilen urkain esgerleri

9-njy iýunda Russiýa bilen Ukraina 25 ýaşdan kiçi harby ýesirleriň alyş-çalşygynyň ilkinji tapgyryny geçirdi. Bu alyş-çalyş baradaky ylalaşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň 2-nji iýunda Stambulda geçiren gepleşiginde gazanylypdy. Taraplar agyr hassalaryň hem çalşygynyň amala aşyrylandygyny aýtdylar.

Hem Russiýa, hem-de Ukraina munuň çalşygyň ilkinji tapgyry bolandygyny we ýakyn günlerde bu çäreleriň dowam etdiriljekdigini bellediler. Russiýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, “25 ýaşdan kiçi rus harby gullukçylarynyň ilkinji topary” watanyna dolandy. Ukrainanyň beýanatynda bolsa, “azat edilenleriň ählisiniň esgerler we seržantlar düzüminden bolandygy, olaryň arasynda üç ýyldan gowrak wagt bäri ýesirlikde saklanan Mariupolyň goragçylarynyň hem bardygy” aýdylýar.

Alyş-çalyş 1:1 gatnaşygynda amala aşyryldy, ýöne takyk näçe adam çalşylandygy aýdyňlaşdyrylmady.

Stambuldaky ylalaşyklara laýyklykda, bu alyş-çalşygyň çäginde 25 ýaşdan kiçi harby ýesirleriň, agyr hassalaryň we belli bir sandaky raýatlaryň azat edilmegi göz öňünde tutulýar. Her tarapdan öýlerine dolanyp biljek harby ýesirleriň umumy sanynyň müňden geçip biljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG