Türkmenistanda iki ýyllyk harby gullugyny tamamlan esgerleriň öýlerine dolanyp gelmegi hem-de saçak başynda türkmen goşunynda dörän çylşyrymly ýagdaýlar barada özakymlaýyn, hiç bir guramaçylyksyz ýagdaýda dörän ‘halk maslahatlary’ dowam edýär. Bu ‘maslahatlara’ gullukdan gelen ýigitleriň ene-atalarynyň berýän sadakalaryna gelýän dürli ýaşdaky ýaşaýjylar gatnaşýarlar. Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen raýatlar bu sadakalarda edilýän gürrüňleriň köplenç korrupsiýa, deňsizlik meselelerine syrygýandygyny we ‘örän köp baş ýaýkama’ sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Ýurtda arak-şerap içýän ýaşlaryň görnetin köpelmegi bilen harby gullugy sowan oglanlaryň düşýän ‘çäresiz ýagdaýynyň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bar” diýip, bu ýagdaýy köpden bäri ýakyndan synlaýan ýerli žurnalist aýtdy.
“Ýaş ýigit gullukdan boşap, öýüne dolanyp geleninden soň, hiç kime gereksiz bolup, öz-özüne berlen ýagdaýda galýar, wagtyny geçirmek için ilki-ilkiler öýlerinde kakasynyň ätiýaçlykda saklaýan aragyny içýär, soň ejesinden we kakasyndan pul sorap içýär. Soňy bilen goňşusynyň zyr-zibilini daşap, günlükçi bolup, gazanan puluna arak satyn alyp başlaýar” diýip, söhbetdeşimiz serhoşlyk durmuşyna baş goşýan ýaşlaryň 1990-njy ýyllaryň başynda neşekeşlige ulaşan ýaşlardan artyk bolmasa, kem däldigini öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, Türkmenistanda dindar adamlaryň sany “köpçülik ýagdaýyna eýe däl” we arak-şerabyň zyýany baradaky wagyzlar diňe metjitleriň çäginde galýar.
Degişli maglumat Esgerler aç-hor bolýar, harby gullukdan soň işsiz, içýän ýaşlar köpelýärÝaşlaryň durmuşda öz ornuny tapmazlygynyň we lapykeç bolup, ahyrynda içgä ýüz urmagynyň esasy sebäpleriniň biri giň ýaýran korrupsiýa, deňsizlik we sosial adalatlylygyň tas düýpden bolmazlylygy bilen bagly diýen pikiri golaýda Türkmenistanda bolup gelen ýewropaly türkmen hem tassyk etdi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlaryň tassyklamagyna görä, harby gullukdaky korrupsiýa ozaly esgeriň gulluk etjek ýeri kesgitlenende ýüze çykýar. “Paýtagtyň golaýyndaky harby bölümlerde esasan täsirli diýilýän hojalyklaryň çagalary gulluk edýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýtdy.
Täsirli hojalyklaryň çagalaryna "gowşy şertler döredilýär"
“Paýtagtyň etrabynda we welaýatlarda ýerleşýän harby wekilliklerde gullugyny berjaý edýänler Goranmak ministrliginiň aýratyn sanawy esasynda, täsirli hojalyklaryň çagalaryndan düzülýär. Ol wekilliklerde gulluk edýän esgerler şenbe we bazar günleri, esgerleriň özara ylalaşygy bilen, öýlerinde dynç almaga mümkinçilik alýar” diýip, ýakynda harby gullugyny tamamlan esger aýtdy.
Onuň sözlerine görä, esgerleriň bir bölegi bir hepde nobatçylyk çekip, beýlekileri öýlerine gaýdan bolsa, indiki hepde nobatçylyk çeken esgerler öýlerine gaýdyp, ondan öňki hepde dynç alanlar nobatçylyk çekýärler.
Käbir esgerleriň hossarlary ýa tanyşlary Milli howpsuzlyk ministrliginde , Migrasiýa gullugynda, Içeri işler ministrliginde işleýän bolsalar, olar öz perzentlerini ýa ýakynlaryny öz işleýän pudagynda harby gulluga çagyrdyp, şol ýerde gullugyny gutardyp, soňra, özleriniň şol ministrlikde ýa pudakda isleýändiklerine garamazdan, öňki esgeriň gulluk eden ugrunda işe ýerleşmegine hem kömek edýärler diýip, Azatlygyň bir çeşmesi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şeýle goldaw bilen işe ýerleşdirilen adamlara wagtyndan ir ýa tizleşdirilen görnüşde harby çin almakda, egnindäki ýyldyzlarynyň sanyny köpeltmekde we wezipe basgançagyndan ýokary galmakda gowy hemaýat berýärler.
Degişli maglumat Harby parada taýýarlanýan esgerleriň arasynda ýarawsyzlyk köpelýärAzatlyk mundan öňki ýyllarda türkmen goşunyndaky dedowşina, agalyk praktikasy we onuň betbagtçylykly netijeleri barada hem yzygiderli habar berýärdi. Ýöne soň beýle habarlar görnetin azaldy.
Azatlygyň habarçysy bu ýagdaý bilen hem gyzyklandy.
“Harby gullugyň abyny-tabyny alan tejribeli esgerleriň gulluga täze gelen, aam-sam esgerleriň üstünden agalyk etmegi adaty ýagdaý, ýöne esger ýatakhanasynda we kaptýorkalarda soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri kameralar oturdylyp, gije-gündiziň dowamynda wideo gözegçilik edilýär. Ýöne şonda-da, ýaş esgerleri hajathana alyp baryp, olara garşy fiziki güýç ulanyp bilýärler, emma goşunda öňki derejede zorluk ulanylmaýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
"Dedowşina azaldy', ýöne derman ýok"
Şol bir wagtda, esgerleriň ezilmginiň azalmagyna garamazdan, harby bölümlerde saglyk meseleleri bolan esgerlere bermek üçin zerur we gerekli dermanlaryň ‘düýbünden ýokdugy’ aýdylýar.
“Esgerleriň aýaklarynyň agyrmagy, barmaklarynyň aralarynda ‘kömelek’ diýilýän pakgarmalaryň döremegi giň ýaran, gijilewükden, “çesotka” diýilýän deri keselinden ejir çekýän esger hem kän bolýar. Organizmdäki witamin ýetmezçiligi zerarly döreýän awitaminoz sebäpli saçy dökülýän esger hem kän. ...esgerleriň aşgazanynda ýara döremegi has-da giň ýaýran” diýip, öňki esger aýtdy.
Gullugy tamamlan esgerleriň öýlerinde berilýän sadakalarda adamlar halkyň “çäresiz hala düşürilendigi”, şu sebäpden esgerleriň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy talap edip bilmän, “biçäre bolup, takdyra kaýyl bolmaly bolýandyklary” barada gürrüň edýärler diýip, habarçy aýtdy
Türkmenistanda okuwyny dowam etdirip, hünär edinip bilmän galýan ýaşlar, harby gullukdan soň okuwa ýa işe ýerleşip bilmeýän ýaşlar baradaky statistika maglumatlary elýeterli däl. Uly ösüş sanlaryny çap edýän metbugatda ýurtdaky işsizlik, içerki we daşarky zähmet migrasiýasy, her ýylda harby gullugy tamamlaýan ýaşlaryň öňünde keserýän kynçylyklar düýpden agzalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.