Gurbanlyk gözegçilik astynda geçdi, hiňňildik gadagançylygy ilatda nägilelik döretdi

Gurban baýramy mynasybetli hiňňillikde uçmak däbi Türkmenistanda öňden bäri saklanyp galýar, ozalky ýyllarda baýramçylyk günlerinde hiňňilikler paýtagtyň merkezi etraplarynda häkimiýetler tarapyndan gurulýardy. Aşgabadyň tsirki (arhiw suraty)

Şu ýyl Gurban baýramy Türkmenistanda ýene-de çäklendirmeler astynda geçidi. Üýşmeleňlere, ilatyň sadaka çärelerine gözegçilik edildi, ýaşlaryň hiňňildik uçmagyny gadagan etmäge synanyşyk edildi.

Her ýyl Gurban baýramynyň dowamynda hiňňildik uçmak däbi häkimiýetleriň we ýaşlaryň arasynda dartgynlylygyň ýüze çykmagyna getirýär diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary belleýär. Olaryň sözlerine görä, şu ýyl şeýle ýagdaýlaryň biri Büzmeýinde ýüze çykypdyr.

8-nji iýunda Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýüze çykan ýagdaý barada şaýatlaryň biri şeýle gürrüň berdi.

Degişli maglumat Çäklendirilen Gurbanlyk

"Ýaşaýjylaryň we polisiýa işgärleriniň arasynda ýüze çykan ýagdaý 8-ne agşam sagat 9 töwereginde ýüze çykdy. Bagyr toplumynda dikilen hiňňildikde uçýan ýüzlerçe erkek adamlardan we zenanlardan polisiýa öýli-öýüne dargamagy talap etdi we haýbat atdy" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi we adamlaryň polisiýanyň buýrugyna boýun bolmakdan ýüz öwrendigini belledi.

Bu ýagdaý polisiýanyň gaharyny getiripdir we olar hiňňildigi sandan çykarmaga synanyşypdyr, emma olaryň bu hereketine üýşen ýüzlerçe adam garşylyk görkezipdir.

"Polisiýa toparynyň başlygy hiňňildigiň tanapyny kesmegi polisiýa işgärlerine buýurdy. Olar hiňňildigiň tanapyny kesmek üçin golaýladylar, emma üýşüp duran märeke polisiýa işgärleriniň alkymyna golaýlap, käbiri hiňňildigiň tanapyny kesjek bolýan polisiýa işgärleriniň eline ýapyşdy we olaryň etmekçi bolan işiniň öňüni aldy" diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, şeýlelikde ýaşaýjylar hiňňildigiň garaňky düşýänçä 22:00 çenli sökülmän galmagyny gazanypdyr.

"Adamlar garşylyk görkezmek bilen polisiýanyň özleri bilen ylalaşmagyny gazandylar. Bu, halkyň kiçiräk bolsa-da, ýeňişine getirdi" diýip, bagyrly ýaşaýjy aýdýar.

Şu ýyl Gurban baýramy 6-njy iýundan 9-njy iýuna çenli üç günläp bellenýär.

Azatlygyň paýtagtdaky we welaýatlardaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu ýyl hiňňildik gurlan ýerleriň ählisinde polisiýa gözegçiligi alnyp barylypdyr.

Degişli maglumat Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär, häkimiýetler üýşmeleňlere esewan edýär

Hiňňildik dikilen ýerlerde wideo kameralar oturdylypdyr we barýan adamlaryň hereketlerine gözegçilik edilipdir.

"8-nji iýun güni öýländen soň ähli hiňňildikleriň ýanynda polisiýa adam üýşmeleňleriniň öňüni almaga synanyşdy we hiňňildikde uçmaga baran ýaşlaryň dargamagyny talap etdi. Garşylyk bildirmäge synanyşan adamlara 'häzir dargamasaňyz, ýörite operatiw topary çagyryp, dürreläp, polisiýa bölümine äkidip, ýenjeris' diýip, polisiýa ýaşlary gorkuzyp, dargamaga mejbur etdi" diýip, ýene bir paýtagtly çeşme gürrüň berdi.

Gurban baýramy mynasybetli hiňňildikde uçmak däbi Türkmenistanda öňden bäri saklanyp galýar.

Degişli maglumat Gurbanlygy 'bileleşip bellemek' wagyz edilýär, bazara gelenleriň ýüzünden 'gar ýagýar'

Ozalky ýyllarda baýramçylyk günleri hiňňildikler paýtagtyň merkezi etraplarynda häkimiýetler tarapyndan gurulýardy. Ýyllarboýy Gurban baýramçylygynda geçirilýän resmi çärelerde hiňňillikler dikilip, bu ýere mejbury çäreçiler, şol sanda studentler we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri alnyp barylýardy.

Häkimiýetleriň soňky ýyllarda hiňňildiklere garşy göreşiniň we çäklendirme girizmeginiň resmi sebäpleri düşündirilmeýär. Şeýle-de bolsa, hiňňildikleriň daşynda käte heläkçilikli ýagdaýlar ýüze çykýar.

Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary geçen ýylyň 16-njy iýunynda Büzmeýinde ýüze çykan waka barada beren maglumatyna görä, ýedi ýaşly oglan hiňňildigiň degmegi zerarly heläk boldy.

Türkmen häkimiýetleriň Gurban baýramynyň bellenýän günlerinde gözegçiligi güýçlendirmegi we üýşmeleňlere esewan etmegi soňky birnäçe ýylda ýüze çykdy, emma resmi sebäbi düşündirilmedi.

Degişli maglumat Gurbanlykda hiňňildigiň golaýynda pajygaly ýagdaý ýüze çykdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.